Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hodorkowskiniň fondunyň işgärleriniň öýleri döküldi


Mihail Hodorkowskiý, 9-njy dekabr, 2015

Mihail Hodorkowskiý, 9-njy dekabr, 2015

Orsýetiň derňewçileri Kremliň bosgunlykdaky tankytçysy öňki oligarh Mihail Hodorkowskiniň esaslandyran sahawatlylyk fondunyň ençeme işgäriniň öýüni dökdüler.

Hodorkowskiniň “Açyk Orsýet” atly fondunyň 22-nji dekabrda aýtmagyna görä, işgärleriň öýlerine Hodorkowskiniň tussaglygyna sebäp bolan 2003-nji ýylyň jenaýatçylyk işi bilen baglylykda reýd geçirilipdir.

Orsýetiň derňew edarasy bu maglumaty tassyklady.

“Açyk Orsýet” fondunyň aklawçysy Sergeý Badamşin ýedi işgäriň öýlerine reýd geçirilendigini Twitter arkaly habar berdi.

Şu aýyň başynda derňewçiler Hodorkowskini 1998-nji ýylda Sibirli häkimi öldürmekde aýypladylar. 2013-nji ýylda Putin tarapyndan amnistiýa edilen Hodorkowskiý 10 ýyl türme tussaglygyny başdan geçirdi.

Bir wagtlar Orsýetiň iň baý raýatlarynyň biri bolan, häzir Londonda ýaşaýan Hodorkowskiý özüne garşy edilýän aýyplamalary ret edýär we prezident Putini Orsýetiň Konstitusiýasyny depelemekde we ýurdy çökermekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG