Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Ramadide söweş gidýär


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary, Ramadiniň günbatarynda Husayba al-Şarkiýa obasynda, 20-nji dekabr, 2015.

Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary, Ramadiniň günbatarynda Husayba al-Şarkiýa obasynda, 20-nji dekabr, 2015.

Yragyň güýçleri Ramadini “Yslam döwleti” toparynyň elinden almak boýunça çäreleriniň çäginde şäheriniň merkezini bombaladylar.

Terrorizme garşy bölümleriň metbugat-wekiliniň 22-nji dekabrda aýtmagyna görä, Yragyň gýçleri Ramadiniň merkezindäki hökümet toplumy ugrundaky söweşlerde üstünlik gazanypdyr.

Sabah al-Numani Yragyň howa güýçleriniň hem ýardam berendigini aýtdy.

Bagdatdan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ramadi şäherini söweşijileriň eldinden almak boýunça harby çäreler geçen aýda şäheri üpjünçilikden kesmek boýunça bir aýlyk gabawdan soň başlanypdy.

Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi maý aýynda basylyp alynypdy we Yragyň merkezi hökümetiniň uly şowsuzlygy bolupdy.

XS
SM
MD
LG