Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa 'YD' bagly 11 adamy tussag etdi


Bosniýanyň polisiýasy “Yslam döwleti” toparyna gatnaşykda güman edilýän 11 adamy tussag edendigini aýtdy.

Güman edilýänler Saraýewonyň köp ýerinde, şol sanda noýabr aýynda ýaragly adamlaryň bosniýaly iki esgeri atyp öldüren harby jaýlarynyň golaýynda geçirilen reýdleriň netijesinde tussag edilipdir.

“Terrorizmde, terrorçylykly işleri maliýeleşdirmekde we “Yslam döwleti” üçin söweşijileri hakyna tutmakda güman edilýän 11 adam 13 sany ýerde geçirilen reýdlerde tussag edildi”, diýip Bosniýanyň awtonom bosniýak-horwat federasiýasynyň polisiýasynyň metbugat-wekili 22-nji dekabrda aýtdy.

Regional telekanaly reýdlere 100 çemesi polisiýa wekiliniň gatnaşandygyny habar berdi.

Polisiýa soňky ýyllarda 150 çemesi bosniýalynyň “YD” toparynyň düzüminde Siriýa we Yraga gidendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG