Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýa boýunça gepleşik geçirer


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (s) we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň başlygy Mihael Moller
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (s) we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň başlygy Mihael Moller

BMG-niň resmisi Siriýadaky konflikti çözmek ugrunda Ženewada ýanwar aýynda täze gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň başlygy Mihael Molleriň 22-nji dekabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, gepleşikler BMG-da geçiriler. Emma takyk wagty mälim edilmedi.

18-nji dekabrda Howpsuzlyk Geňeşi Siriýada parahatçylyk prosesi ugurnda indiki aýda hökümetiň we oppozisiýanyň arasynda geçiriljek gepleşiklere biragyzdan goldaw bildirdi. Geçen ýylda geçirilen şeýle gepleşikleriň iki tapgyry prezident Başar al-Assadyň ykbaly bilen baglylykda şowsuzlyga uçrady.

Bäşinji ýyla gadam basan konflikt zerarly azyndan 250 müň adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG