Sepleriň elýeterliligi

Manadyň geljegi nähili bolar?


Türkmenistanyň milli pul birligi manat

Türkmenistanyň milli pul birligi manat

Azerbaýjanyň milli pul birliginiň erkin akyma goýberilmeginiň yzysüre manat öz hümmetiniň üçden bir bölegini ýitirdi. Edil şeýle ýagdaýy biz mundan birnäçe aý öň gazak teňňesiniň mysalynda hem görüpdik.

Agzalýan iki ýurduň ykdysadyýetlerinden tapawutlylykda Türkmenistan özüniň pulunyň hümmetini berk gözegçilikde saklap gelýär. Eýse, bu ýagdaýlaryň nähili mümkin netijeleri bolup biler?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu sorag bilen gyzyklanyp, Economic Intellegence Unit guramasynyň bilermeni Aleks Naýs bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleks, mälim bolşy ýaly, düýn Azerbaýjanyň milli pul birligi hümmetiniň üçden bir bölegini ýitirdi. Beýle ýagdaýlary ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren beýleki döwletlerde hem synlasa bolýar. Muňa näme sebäp bolýar?

A.Naýs: Azerbaýjan we Gazagystan barada aýdylanda, bu, esasan, nebitiň bahasynyň gaçmagy bilen bagly. Emma bu diňe – gürrüňi gidýän ýurtlaryň milli girdejisiniň uly bölegini düzýän – nebitiň bahasynyň görnetin pese gaçmagy bilen çäklenmeýär. Bärde esasy mesele – nämälimlik: nebitiň bahasy şu pes derejesinde saklanyp galarmy ýa-da ol ýene-de gaçmagyny dowam edermi?

Netijede Merkezi Banklaryň milli pul birlikleriniň dollara görä gatnaşyklarynyň [durnukly derejesini] saklap galmak ugrundaky tagallalary gitdigiçe kynlaşýar. Azerbaýjan bilen Gazagystan muny häzirki wagta çenli etmäge synanyşdylar. Türkmenistan bu ugurdaky tagallasyny belli bir derejede häzirem dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň mysalynda [bu meseläniň üstünde] has jikme-jik durup geçäýseňiz. Türkmenistan haýsy sebäplerden ugur alyp, häzirki maliýe syýasatyny ýöredýär?

A.Naýs: Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, maliýe pudagynda bolup geçýän ýagdaýlar barada gürrüň edilende hiç wagt takyk bir zady aýdyp bolmaýar. Ýöne bilşimiz ýaly, Türkmenistan ýakynda özüniň milli pul birliginiň hümmetini täzeden kesgitledi. Bu hem öz gezeginde ýurduň ykdysadyýetinde möhüm meseleleriň bolup geçýändigine şaýatlyk eden bir delil boldy. Mundan soň hökümetiň sosial hyzmatlaryny kesmek, aýlyk haklaryny wagtynda töläp bilmezlik ýaly ýagdaýlaryna şaýat bolduk.

Türkmen häkimiýetleri häzir aglaba administratiw çäreleriň üsti bilen pul birligini resmi usulda kesgitlenen derejede saklajak bolýar. Emma munuň näderejede netijeli boljakdygy ýa-da manadyň hümmetiniň täzeden kesgitlenjekdigi baradaky sorag açyk bolup galýar.

Bizde anyk sanlar bolmasa-da, energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli Türkmenistanyň belli bir maliýe kynçylyklaryny çekýändigini çaklap bilýäris. Bu ýagdaýlarda milli pul birliginiň dewalwasiýasy logiki bir ädim bolsa-da, munuň syýasy töwekgelçiligi hem bar.

Azatlyk Radiosy: Nähili töwekgelçilik?

A.Naýs: Dewalwasiýa – bu alnyp barlan syýasatyň şowsuzlyga uçrandygyny görkezýär. Eger-de milli pul birligi dollara görä kesgitli bir derejede saklanýan bolsa, munuň bilen baglylykda käbir tamalar we borçlar döreýär. Eger-de bulara hötde gelmek başartmasa, onda ykdysadyýete bolan ynam gaçýar.

Bu ýagdaýlarda inflýasiýanyň derejesi hem uly depginler bilen ýokarlanýar. Bu, esasan, import çykdajylarynyň artmagyna getirýär.

Ýene bir töwekgelçilik bank ulgamy bilen bagly. Sebäbi milli pul birliginiň birden hümmetsizlenmegi maliýe durnuklylygyna özüniň juda oňaýsyz täsirini ýetirip bilýär.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjandaky we Gazagystandaky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp aýdylanda, häzir Aşgabat bolmajak zady boldurjak bolýar diýip bilerismi?

A.Naýs: Dewalwasiýanyň ornuny tutup biljek başga-da ykdysady mehanizmler bar. Emma olaryň diýseň agyr netijeleri bolýar.

Munuň bir ýoly importy çäklendirmek. Bu ýagdaýda eksportdan gelýän girdejiler bilen import harytlaryna tölenýän serişdeler deňagramlaşdyrylýar.

Ýene bir ýol – bu importy birtaraplaýyn, başgaça aýdylanda, adamlaryň dollar edinmek mümkinçiliklerini çäklendirmek.

Häkimiýetler ilata goýberilýän jemgyýetçilik çykdajylaryny hem kemeldip bilýärler.

Garaz, milli pul birliginiň hümmetini saklap biljek çäreler bar. Emma munuň netijesinde tutuş ykdysadyýet we ykdysady çäreler ejir çekýär. Her dürli ýollar bar, emma olaryň oňaýsyz netijeleri hem bar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýlarda nämelere garaşyp bolar?

A.Naýs: Öňünden bir zatlar aýtmak kyn. Emma biz türkmen hökümetiniň jemgyýetçilik çykdajylaryny azaldyp, bu ugurdaky maliýe syýasatyny gysyp başlandygyny görýäris.

Hawa, ýakynda Türkmenistan uly mukdardaky maliýe sermaýa proýektleri bilen çykyş etdi. Emma bularyň ählisi uzak möhletleýin çäreler.

Başga bir tarapdan, ozal hem belleýşim ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti baradaky maglumatlar köp däl, bolanlaryna-da bil baglap bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Siz öz Twitter hasabyňyzda “Azerbaýjandan soň Türkmenistan manadyny öz erkine goýberäýmese” diýip ýazdyňyz. Siz ýagdaýlar şeýle derejede özgerer öýdýärsiňizmi?

A.Naýs: Men we meniň Economic Intellegence Unit guramasyndaky kärdeşlerim türkmen hökümetiniň manadyň täze nyrhyny kesgitlejekdigini çaklaýarys. Anyk bir zat aýtmak kyn hem bolsa, biz ýagdaýlaryň ösüşiniň hut şeýle ugra ýykgyn edýändigini görýäris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG