Sepleriň elýeterliligi

Azeri manadynyň erkinligi dowul döretdi


Bakuwyň dükanlaryndaky ýagdaý

Bakuwyň dükanlaryndaky ýagdaý

Azerbaýjanyň pulunyň hümmetiniň güýçli aşaklamagy dükanlaryň ýapylmagyna we adamlaryň öz manatlaryny çet ýurt pullaryna çalyşmak ýa-da durnukly harytlara öwürmek üçin basa-baslyga düşmegine getirdi.

"Bu tutuş halk üçin bir gözgyny ýagdaý. Hemmeler dollar satyn aljak bolýarlar. Muny hem diňe sanlyja banklar satýarlar. Pul çalşylýan ýerlerde dollar ýok diýerlik" diýip, bir bakuwly Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna aýtdy.

21-nji dekabrda Azerbaýjanyň Merkezi bankynyň ýurduň pulunyň erkin söwdasyna ýol bermek baradaky karary manadyň takmynan üçden bir derejede zyýana uçramagyna getirdi. Ozal bir dollara 1.05 manat tölenen bolsa, indi bu nyrh - 1.55 manat.

Puluň hümmetiniň peselmegi bütin ýurtda dükanlaryň, hatda söwda merkezleriniň-de tutuşlygyna ýapylmagyna sebäp boldy. Adamlar harytlaryň bahalary galmazdan öňürti ýetişip, köp zatlary satyn almaga dyrjaşýarlar.

Bakuwyň "Bina" söwda merkezinde bir aýakgap dükanynyň işgäri dükanyň ýapylandygyny, şeýdilmese, zyýan çekiljekdigini aýtdy.

Pul çalyşygy

Dollar ýa ýewro satyn almak isleýänler hem pul çalşylýan edaralaryň ýapylandygy ýa-da walýuta satuwynyň bes edilendigi netijesinde yzlaryna boş dolandylar. Käbir banklar bolsa manady çalyşmak üçin adam başyna 500 dollar diýip, çäklendirme girizdiler.

"Hiç bir bank dollary manada çalyşmak islänok. Näme üçindigini biz bilmeýäris. Bu biziň üçin bir betbagtçylyk. Olar adamlary bir gijäniň içinde beýle batyrmak kararyna nädip geldilerkä" diýip, ýene bir bakuwly zeýrenýär.

21-nji dekabrda gelnen karardan sanlyja sagat soňra-da Azerbaýjanyň paýtagtynda pul çalşylýan edaralaryň birnäçesiniň bir dollar üçin soraýan nyrhy 1.56 manat bilen 1.59 manat aralygyna bardy.

Syýasy nägilelik

Azerbaýjanyň "Milli Front" partiýasynyň başlygy Ali Kerimli hökümeti ýurduň milli puluny "öldürmekde" aýyplady: "Ony [manady] öldüren özüni merkezleşdiren, korrumpirlenen, işe ukypsyz hökümet. Indi bahalar ýokary gider. Aýlyklar, pensiýalar, süýşürintgiler, manada bagly ähli zat 55 prosent kemeler".

Üstümizdäki ýyl hökümetiň göçümi netijesinde manat ozal hem bir gezek hümmetiniň ep-esli bölegini ýitirdi. Häzirki peseliş bolsa onuň bir ýylyň içinde ikinji gezek aşaklamagydyr. Fewral aýynda manadyň nyrhynyň aşakladylmagy onuň dollaryň garşylygynda hümmetiniň üçden birini ýitirmegine getirdi.

Bank ulgamy boýunça bilermen Akram Hasanow bu meselede ýurduň Merkezi bankyny günäleýär.

"Soňky ýyllarda beýleki ýurtlaryň hem ençemesi öz pullarynyň nyrhyny aşaklatdylar. Ýöne hiç bir ýerde [Azerbaýjanda bolşy ýaly] halka we kompaniýalara ýeten çynlakaý zyýan ýok" diýip, Hasanow öz pikirini beýan edýär.

Ol soňra hem manadyň nyrhynyň peseldilmegi Azerbaýjanda köp banklaryň çökmegine getirer diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Manadyň nyrhy fewral aýynda peseldilmezinden sanlyja hepde öň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew manady "dünýäniň iň durnukly pullarynyň biri" diýip atlandyryp, çet ýurt raýatlaryny we kompaniýalary pullaryny manada öwrüp saklamaga çagyrypdy.

Ykdysadyýetçiler Azerbaýjanyň manadyň erkin söwdasyna ýol bermegine sebäp bolan nebitiň global bahasynyň aşaklamagy diýýärler. Bakuwdaky hökümet döwlet býujeti üçin nebit-gaz eksportyna aşa garaşly.

XS
SM
MD
LG