Sepleriň elýeterliligi

8 litrlik çüýşede 15 dollara arassa howa satylýar


"Witality Air" ("Vitality Air") firmasynyň arassa howadan gaplanan çüýşesi.

"Witality Air" ("Vitality Air") firmasynyň arassa howadan gaplanan çüýşesi.

"Witality Air" ("Vitality Air") firmasyny iki sany telekeçi ýaş ýigit başlangyç proýekt hökmünde döredipdir. Ol firma Kanadada daglaryň etegindäki arassa howany gaplap satmak bilen meşgullanýar. Howanyň ýokary derejede hapalanmagyndan ejir çekýän Hytaý bolsa olaryň esasy müşderisi bolup durýar.

Firmany gurujylardan biri bolan Moses Lamyň aýtmagyna görä, olaryň Hytaýa ugradan 500 çüýşe arassa howasy bary-ýogy 4 günde doly satylyp gutarypdyr. Häzir bolsa 4 müň çüýşelik ikinji tapgyr arassa howa barmaly ýerine ýetip barýar. Ýöne olaryň hemmesi diýen ýaly entek barmaly ýerine barmanka satylyp gutarylypdyr. Göwrümi 7,7 litr bolan çüýşedäki arassa howa 100 ýuwana, ýagny takmynan 10 funta satylýar. Bu baha Hytaýyň bazaryndaky çüýşeli mineral suwdan 50 esse ýokarydyr.

Arassa howa satyn alýanlaryň köpüsi Hytaýyň demirgazyk-gündogar we günorta sebitlerindäki uly şäherlerinde howanyň hapalanmagyndan ejir çekýänlerdir. Ol şäherlerde howanyň hapalygy şeýle bir ýokary welin, ýygy-ýygydan hatda adamlar biri-birini görüp bilmez derejä ýetýär.

Hytaýlylara arassa howa satýan diňe kanada firmasy däl. Geçen ýyl Liang Kegang atly bir hytaýly suratkeş Fransiýanyň günortasyna eden gezelenjinde ol ýerden ullakan çüýşä salyp getiren arassa howasyny Hytaýda bir auksionda 512 funta satmagy başardy. 2013-nji ýylda bolsa Çen Guangbiao atly bir multimillioner Hytaýyň az senagatlaşan sebitlerinde çüýşelere gaplanan arassa howany 5 ýuwandan, ýagny 0.5 funtdan satypdyr.

Esasy müşderiler baý zenanlar

"Witality Air" atly firmany guranlar öz firmalaryny döreden mahaly göz öňünde tutýan maksatlaryna edil beýle çynlakaý çemeleşiler diýip güman hem etmändirler. Olar ilki bilen arassa howany sellofan torbalara gaplap "eBay" internet dükanynda 0.5 funtdan satuwa çykarypdyrlar. Ony satanlaryndan soň bolsa ikinji torbany 160 dollar bahadan satuwa goýupdyrlar. Lam "Ana, şonda biz bu ugurdan amatly biznes edip boljak bazaryň bardygyny gördük" diýip, howa söwdasyna başlaýyşlary barada gürrüň berýär.

Firmanyň Hytaýdaky wekili Harrison Wangyň aýtmagyna görä, olaryň esasy müşderileri hytaýly baý zenanlar. Olar satylýan arassa howany öz maşgalasy üçin ýa-da haýsam bolsa birine sowgat üçin alýarlar. Onsoňam arassa howa Hytaýda barlylygyň alamaty hasaplanýar. Şonuň üçinem häzirki döwürde olaryň önümini satmak üçin köpsanly firmalar bilen şertnama gol çekişilipdir. "Witality Air" atly firma üçin indiki esasy mesele alyjylaryň arassa howa bolan islegini wagtynda kanagatlandyrmak bolup durýar.

Lam "Bu ummasyz zähmeti talap edýän bir iş. Şonuň üçinem biz öz önümimiziň özboluşly aýratynlyga eýe bolmagyny isleýäris" diýip, belleýär. Lamyň aýtmagyna görä, ene-atalary olaryň bu işine çynlakaý garamandyklary üçin, öz esasy işlerinden aýrylmazlyklaryny sorapdyrlar Ol öz ene-atasynyň öwüdine gulak asypdyr we täze işiniň ýany bilen bankdaky işinde hem işlemegini dowam etdirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG