Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Şahyr Bapba Gökleňiň hatyra gününe

Geçen asyrdaky türkmen poeziýasynyň ajaýyp hem özboluşly ýyldyzlarynyň biri Bapba Gökleň bolsa gerek. Diri wagtynda onuň poeziýasyna ýeterlik ähmiýet berilmedi.

Sada hem täze

Ol türkmen poeziýasyna örän sada hem ýeňil okalýan goşgulary bilen geldi. Poeziýada ýeňillik bilen çuň manylygy baglanyşdyrmagy başardy. Bapba Gökleň az sözi uly many üçin peýdalanyp bildi.

Şahyryň bary-ýogy ýedi sözden döreden bäş bentlik goşgusy şeýle başlanýar.

Bolmaz bolmajak bolsa,

Bolmajak bolsa bolmaz.

Boljak-boljak bor ýogsa,

Bolmajak bolsa bolmaz.

Şahyr Bapba Gökleň.

Şahyr Bapba Gökleň.

Kommunizmiň soňky ýyllarynda, wezipede oturanlar para-peşgeşe hem ogurlyga ýüz urdular. Bapba Gökleň şeýle möhüm meseläni-de sada dilde aýan etmegi başardy.

Ogurlyk eden uýalmaz,

Ogurlyk eden ulalar.

Ulalansoň ogurlamaz,

Onsoň ol ogurlyk bolmaz…

Goşgy şeýle jemlenýär.

Uýalandan ogry bolmaz,

Ogurlamasa ulalmaz.

Şahyr şol döwürde ýazan başga bir eserinde jemgyýetçilik dertleriniň nadanlyk sebäpli bolýandygyny aýtdy.

Nadanlyk – ýurda kesel.

Il ýüzi solmasady.

Ilim-günüm, ildeşler

Nadanlar bolmasady.

Bapbanyň poeziýasyndaky kesgin rifmalar, täze sözler, açyk hakykat ony özboluşly şahyr hökmünde öňe çykardy.

Ýekelik

Şahyr durmuşyň ýuwdup barýan agyr batgalygyndan çykalga agtarýardy. Bu ýagdaýda diňe gowy hem güçli adamlaryň halasgär bolup biljekdigine ynanýardy. Ol şeýle adamlary ýa-da adamy gözleýärdi.

Ýadyňyzda bolsa, dünýäniň maddy baýlygyny, ähli bol-elinligi ret edip, boş çelegiň içinde-de ýaşap bolýandygyny öz ömri bilen görkezen Diogen gündiziň güni eli çyraly Adam gözläpdi.

Bapba hem belli bir wagtda şol ýola düşdi.

Mähelläň içinde, göýä bir çölde,

Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly.

Ol isleýän Adamyny jemgyýetiň arasyndanam, “gupbaly jaý” diýilýän köşkden hem, “hukuk goraýjylaryň” arasyndanam tapyp bilmedi.

Nirden geldi oglan başa bu höwes,

Men adam gözledim, biçäre kör deý,

Agyr mähelleden eşdilmedi ses,

Ýogsam men gygyrdym: “Kim bar bu ýerde?!”

Şahyr soňra mähelläniň akymyna düşüp, ýitip gidendigini aýdýar, “başky höwesiniň gaçandygyny, ejizländigini, müşgilligiň özünden zor çykandygyny” boýun alýar.

“Ýolma guşuň ganatyn”

Şahyryň dogry sözi köplere ýaramady. Eýsem oňa: “Seniň aýdýanyň nädory” diýip bilýän-de ýokdy. Ýöne ony modern ýa-da postmodern şahyr hökmünde ýazgarýardylar. Onuň sözüni kesä çekýärdiler. Şeýdip, höwesini syndyrmaga synanyşýardylar.

Bu ýagdaý şahyra agyr täsir etdi.

Ne oýundan, ne çyndan,

Ýolma guşuň ganatyn!

Pent bolsun şu menden,

Ýolma guşuň ganatyn!

Bolsaň bol ýerde ýorga,

Ýolma guşuň ganatyn!

Görşümiz ýaly, Bapba nusgawy edebiýatyň däplerine hormat goýdy. Onuň nusgawy däplere hem onuň ölçegine eýerip ýazan goşgulary-da az däl.

Gül meňiz, goýny jennet

Bir ýara höwür boldum.

Garyp göwnüme medet,

Hossara höwür boldum.

Bu goşgy bize Magtymgulynyň “Janana gözüm düşdi” goşgusyny ýatladýar.

Bapbanyň poeziýasynda örän düýpli aýdylýan nadanlyk we nadan adam baradaky pikirler hem Magtymgulynyň “Nadanam, zat bilmenem” diýen setirinden gözbaş alýan ýaly bolup dur.

Kämilligiň ilkinji alamaty Beýik sadalyga ýetmek dälmi eýsem. Bapbada şeýle sadalygam, halk pikirine goşulyşmagam bar.

Guw aýdymy

Il arasynda “guwlar ölmeziniň öňüsyrasynda aýdym aýdýarmyş” diýen düşünje bar. Il-halky oýarmak üçin aýdylýan aýdym, düzülýän goşgy hem guwlaryň şol aýdymyna meňzeýär. Bu nähili agyr bolsa-da, ahyrynda guw aýdym aýtman durup bilmeýär, has takygy aýdym aýtmaga mejbur bolýar.

Guw aýdymy guwuň

Ömrün paýawlar.

Aýdym ajal bolup,

Guwlary awlar.

Bapba Gökleň 1991-nji ýylyň 23-nji dekabry agşamy awto heläkçiligine uçrap, geň ýagdaýda aradan çykdy. Ol 1949-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda dünýä inipdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG