Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak resmisi Ramadi tiz azat ediler diýýär


Yragyň harbylary Ramadiniň merkezine barýar, 22-nji dekabr, 2015.
Yragyň harbylary Ramadiniň merkezine barýar, 22-nji dekabr, 2015.

Yragyň baş harby resmisi hökümet güýçleriniň “YD” toparynyň söweşijilerini Yragyň Ramadi şäherinden birnäçe günde gysyp çykarjakdygyny aýtdy.

“Ýakyn günlerde Ramadiniň doly azat edilendigi barada gowy habar yglan ediler”, diýip “Yrakia” (Iraqia) telewideniýesi goşun ýolbaşçysy Othman al-Ghaneminiň 23-nji dekabrda aýdandygyny habar berdi.

Yragyň ýaragly güýçleri Ramadiniň merkezinde söweşijileriň elinde galan soňky etrapçada 22-nji dekabrda üstünlik gazanyp başladylar.

Bagdatdan 100 kilometr uzaklykda Ýefrat derýasynyň kenarynda ýerleşýän esasan sünni ilatly şäher maý aýynda Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň eline geçipdi.

Hökümet güýçleri Ramadini öz eline geçip bilseler, bu Tikrit şäherinden soň “YD” toparyndan azat edilen ikinji şäher bolup biler.

XS
SM
MD
LG