Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan täze gaz geçirijisini açdy


Günbatar-Gündogar gazgeçirijiniň düýbüni tutmak dabarasy, Şatlyk, 31-nji maý, 2010
Günbatar-Gündogar gazgeçirijiniň düýbüni tutmak dabarasy, Şatlyk, 31-nji maý, 2010

Türkmenistanyň prezidenti täze gazgeçirijiniň gurluşygynyň tamamlanmagy ýewropaly partnýorlar bilen hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrar diýýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji dekabrda Günbatar-Gündogar gazgeçirijisini açmak boýunça Hazar deňziniň golaýyndaky Belek şäherinde geçirilen dabarada çykyş etdi.

Günbatar-Gündogar gazgeçiriji Türkmenistanyň gündogaryndaky gaz ýataklary Hazar deňziniň kenary bilen birleşdirýär.

Bahasy 2.5 milliard dollarlyk proýektiň Trans-Hazar gaz geçirijisi bilen baglaşmagyna umyt bildirilýär.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan bu proýekt kagyz ýüzünde galýar, Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitsizligi we Türkmenistanyň daşary ýurtly şirketler bilen önümi paýlaşmak barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagy päsgel bolmagyna galýar.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň günbatar kenaryna gazyň eltilmegi Trans-Hazar gaz geçirijisine täzeden jan berer diýdi. Uzynlygy 773 kilometrlik Günbatar-Gündogar gazgeçirijisi, şeýle-de, Gazagystana we Orsýete tarap göz öňünde tutulýan gazgeçirijisini hem gaz bilen üpjün edip biler.

XS
SM
MD
LG