Sepleriň elýeterliligi

Stambul: Aeroportda partlama boldy


Stambulyň Sabiha Gökjen aeroporty

Stambulyň Sabiha Gökjen aeroporty

Türkiýäniň Stambul şäheriniň uly aeroportlarynyň birinde bolan partlamada bir adam wepat boldy we biri ýaralandy.

Häkimiýetler Sabiha Gökjen aeroportunda 23-nji dekabrda bolan partlama bombanyň sebäp bolup-bolmandygyny derňeýärler.

Partlama ýolagçylaryň golaýda bolmadyk wagtynda emele gelip, arassaçylyk işlerini alyp baran işgärlere zeper ýetdi.

Polisiýa aeroportuň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.

Türkiýede kürt, çepçi we yslamçy söweşijileriň bombaly hüjümleri ýüze çykyp durýar.

XS
SM
MD
LG