Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand: Güýçli söweş barýar


Owganystanyň ýerli polisiýa wekili, Helmand welaýatynyň Marjah etraby, 23-nji dekabr, 2015.
Owganystanyň ýerli polisiýa wekili, Helmand welaýatynyň Marjah etraby, 23-nji dekabr, 2015.

Owganystanyň Helmand welaýatynyň Sangin etrabynda owgan goşunynyň we “Talyban” söweşijileriniň arasynda güýçli söweşleriň dowam edýändigi barada habar berilýär.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy Sangine kömek güýjüniň iberilendigini 23-nji dekabrda aýtdy we halkara harby kömegini, esasan howadan goldaw berilmegini sorady.

Britaniýa NATO-nyň ygtyýarnamasynyň esasynda owgan harbylaryna ýardam bermek üçin Helmanda az sanly harbylarynyň kiçi toparyny iberdi.
Helmandyň göknar öndürilýän esasy etraby bolan Sangin Pakistan bilen serhetleşýär we neşe, ýarag we beýleki gaçakçylyk harytlarynyň esasy ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Helmand welaýatyndaky krizis prezident Aşraf Ghaniniň hökümetine basyşy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG