Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Orsýetiň iki reaktor gurjagyny aýdýar


Eýranyň Atom energiýa guramasynyň başlygynyň orunbasary Behrouz Kamalwandi
Eýranyň Atom energiýa guramasynyň başlygynyň orunbasary Behrouz Kamalwandi

Eýranyň ýadro meselesi boýunça baş resmisi Orsýetiň Eýranda indiki hepdede iki täze ýadro reaktorynyň gurluşygyna başlajakdygyny aýtdy.

Eýranyň Atom energiýa guramasynyň başlygynyň orunbasary Behrouz Kamalwandi Eýranyň ýadro senagatynyň daşary ýurt hyzmatdaşlygy bilen ösendigini belledi, diýip Eýranyň Mehr agentligi 22-nji dekabrda habar berdi.

Geçen ýylda Orsýet Eýranyň ilkinji graždan ýadro kärhanasynda goşmaça iki reaktory gurmak barada Tähran bilen ylalaşypdy. Buşehr şäheriniň golaýyndaky bu kärhananyň gurluşygyna-da Orsýet ýardam beripdi.

Senagat we söwda ministri Denis Manturow Orsýetiň Eýrana indiki ýylda 5 milliard dollar möçberde maýa ýatyrmaga seredýändigini 22-nji dekabrda habar berdi.

Maýa goýum baradaky deslapky ylalaşyga Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň noýabr aýynda Tährana eden saparynyň dowamynda gol çekildi.

XS
SM
MD
LG