Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Türkmen çagajyk prezidente ýüzlendi


Ene we gyz.
Ene we gyz.

"Haýyş edýärin ejemi menden aýyrmaň!" - diýip Türkiýede özüne goldaw üçin gol ýygnama kampaniýasyny başladan Rüýa atly gyzjagazyň ejesi köne pasportly türkmenistanly wizasyz zähmet migranty, kakasy bolsa Türkiýe raýaty.

Bu kampaniýa change.org atly sahypada alnyp barylýar.

Türkiýäniň degişli ýolbaşçylaryna, şol sanda prezidentine ýüzlenen türkmen gyzjagazy Rüýa we onuň türkmenistanly ejesi şeýle kampaniýanyň üsti bilen nähili maksada ýetmek isleýär?

Gol ýygnama kampaniýasy häzir nähili barýar? Şeýle ýagdaýdaky Türkiýede ýaşaýan beýleki türkmen maşgalalar kampaniýa barada nähili pikir edýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Rüýa we onuň ejesiniň ýagdaýyndaky beýleki türkmenistanlylaryň kynçylyklaryna gönükdirýär.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG