Sepleriň elýeterliligi

Hans Hristian Anderseniň bilbil hakyndaky ertekisine çekilen seýrek bezeg işi geçen hepde auksiona çykarylyp, bir bir amerikan kolleksionerine £32,000-e satyldy.

Bu surat 1923-nji ýylda meşhur daniýaly bezegçi Kay Nielsen tarapyndan çekilip, Hans Anderseniň 1924-nji ýylda neşir edilen ertekiler ýygyndysynda «Bilbil» ertekisiniň bezegi hökmünde çap edilipdi.

Doganlar Grimleriň hem ertekilerine bezeg işlerini çeken Nielsen 1957-nji ýylda garypylykda ölýär.

Meşhur ertekiçi Hans Andersen (1805-1875) barada aýdylanda bolsa, ol ädikçi atanyň we sowatsyz, kir ýuwujy bolup işleýän enäniň garyp maşgalasynda dünýä inýär.

Ol çagalykda gapdallaryndaky ruhy hassahanadaky garry aýallaryň berýän gürrüňlerini diňlemegi gowy görer eken. Şol gürrüňler hem onuň garyplykdan çykyp, erteki žanrynyň dünýä boýunça ykrar edilen ussatlarynyň birine öwrülmegine esas goýýar.

Azatlyk radiosy Türkmenistanda soňky ýyllarda dünýä meşhur ertekileriň az çap edilýändigini nazara alyp, meşhur ertekiçi Hans Anderseniň bir ertekisini iňlisçeden terjime edip, Azatlyk radiosynyň diňleýjileriniň çagalaryna Täze ýyl sowgady hökmünde çap etmegi makul bildi.


Zalym patyşa

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir zalym patyşa bar eken. Ol bütin dünýäniň ýurtlaryny basyp almagy, adamlary öler ýaly gorkuzmagy ýüregine düwüpdir. Ol basyp alan ýerleriniň adamlaryny gylyçdan geçirip, ekin meýdanlaryny, daýhanlaryň külbelerini oda beripdir. Ot-ýalyn miweli agaçlaryň ýaşyl ýapraklaryny hem ýalap alypdyr, şahalardaky miweler bolsa, gara sudur bolan şahalardan asyl-asyl bolup, çürşüp galypdyr.

Oda berlen külbelerden çykyp ýetişen eneler, çyplaň bäbeklerini ellerine alyp, baş açyk, aýakýalaň ylgap, göni gelen ajaldan gaçyp gutulmaga çalşypdyr. Emma patyşanyň nökerleri olary kowalap, yzlaryndan ýetip bilseler, akyla sygmajak wagşylyklary oýlap tapyp, çäresiz naçarlara azap çekdirip, keýp edipdirler. Patyşa muňa bolmaly, edilmeli zat ýaly garapdyr. Netijede, onuň hökmürowanlygy gün-günden güýçlenipdir, adyny eşidenler dilden galyp, aman galsalar, mal-dünýeden geçmäge kaýyl bolupdyr.

Ol her gezek basyp alan şäherlerinden ummasyz uly baýlyk, altyn-kümüş getiripdir. Netijede, onuň ýurduna başga hiç ýerdäkä deňäp bolmajak uly baýlyk toplanypdyr. Ol ajaýyp köşkleri, ybadathanalary, gözel-gözel desgalary gurdurypdyr we bulary görenler haýran galyp: "Gör, nähili güýçli patyşa!" diýipdirler. Emma olar onuň beýleki ýurtlaryň adamlaryna nähili betbagtçylyk getirendigini bilmeýärdiler, ýykylan we otlanan şäherleriň harabalarynyň aşagyndan gelýän ahy-nalalary eşitmeýärdiler.

Patyşa öz altyn-kümşüne we ajaýyp desgalaryna buýsanç bilen seretmegi gowy görüpdir we, edil olara haýran galyp seredýän mähelle ýaly: "Gör, nähili güýçli patyşa!" diýip, pikir edipdir. Emma ol: "Men ýene we ýene köp zat edinmeli, has köp baýlyk toplamaly. Dünýäde meniňkä taý geljek baýlyk bolmaly däl!" diýip oýlanypdyr.

Ol öz goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen urşupdyr we ýeňipdir. Ýesir alan patyşalaryny bolsa, altyn zynjyr bilen paýtunyna baglap, şäheriň köçelerinde gezelenç edip, ile görkezipdir. Patyşa we onuň serkerdeleri saçak başynda oturanda, ol ýesirler olaryň öňünde dyz çökmeli we galan-gaçan naharlary iýmeli edilipdir.

Ahyrynda patyşa şäheriň jemgyýetçilik ýerlerinde we köşklerinde öz heýkelini dikdiripdir, ýöne munam az görüp, ybadathanalarda hem heýkeliniň goýulmagyny isläpdir. Emma ruhanylar oňa garşy çykypdyrlar we: "Patyşa, siz hakykatdanam güýçli, muňa söz ýok, emma hudaýyň güýç-kuwwaty siziňkiden has uly, biz siziň bu buýrugyňyzy ýerine ýetirmäge het edip biljek däl" diýipdirler.

“Ýagşy, onda men hudaý bilenem uruşmaly bolaryn" diýip, patyşa aýdypdyr. Onsoň ol öz akyl ýetirişinden täsin bir gämi gurmagy buýrupdyr. Bu gämi asmandan uçýan gämi bolmalydy, şeýle-de ol, tawusyň guýrugy ýaly, dürli reňkler bilen reňklenmelidi. Gäminiň daş diwarlaryna bolsa, müňlerçe göz çekilmelidi, şol bir wagtda ol gözler ok atylýan deşik bolmalydy.

Patyşa gäminiň ortasynda oturyp, çala ýüpi çekse, çar tarapa müňlerçe ok atylýardy we tüpeňler şobada ýene-de oklanýardy. Şeýle-de, onuň gämisine ýüzlerçe bürgüt berkidilgidi. Onsoň, gämi taýýar bolupdyr we ol ok ýaly bolup, güne garşy ýokary galmaga başlapdyr. Basym Ýer hol yzda galypdyr we öz daglary hem tokaýlary bilen, içinden azal çekilen mekgejöwen meýdany ýaly bolup, salgym içinde çala görnüpdir.

Birsellemden Ýer çala sudurly karta ýaly bolup galypdyr we birdenem dumanyň we bulutlaryň arkasynda tutuşlygyna gözden gaýyp bolupdyr. Bürgütler gök asmany nazarlap, barha we barha ýokary galypdyrdyr. Onsoň hudaý bu gämä garşy öz san-sajaksyz perişdeleriniň diňe birini iberipdir. Azgyn patyşa oňa garşy müňläp ok ýagdyrdypdyr. Emma olar perişdäniň lowurdawuk ganatlaryna kär edip bilmän, şabrap aşak dökülipdir. Perişdäniň ak perlerinden bir damja gan, ýekeje damja gan damyp, olam gelip patyşanyň oturan gämisiniň üstüne düşüpdir we onuň içinde ýanypdyr.

Onsoň ol gäminiň agramyny tonnalap agraldan ýaly, bat bilen aşak, ýere tarap dartyp başlapdyr. Bürgütleriň kuwwatly ganatlary ýan beripdir. Ýel şuwlap, patyşanyň depesinde tupan turzupdyr, bulutlar aýlanyp-dolanyp, otlanan şäherleriň tüsselerine meňzäp, geň bir görnüşe giripdirler we bir süri leňňeç ýaly bolup, uzak-uzak aralyklardan oňa penjelerini uzadypdyrlar, äpet daşlar ýaly bolup, ýokary galypdyrlar we aşaklygyna agzyndan ot sowurýan aždarhalara öwrülipdirler.

Gämi ahyrynda tokaýda bir äpet daragtyň üstüne gelip düşende, gylyjyndan gan damýan patyşa çalajan halda, ölen ýaly bolup ýatyrdy.

“Men hudaýy boýun egdirerin!” diýip, patyşa ýumrugyny düwüp, gaharly aýdypdyr. “Men kasam etdim, meniň diýenim bolmaly!”

Onsoň patyşa ýedi ýyllap täze, asmandan uçup, hudaýyň ýanyna ýeter ýaly ajaýyp gämileri gurdurýar. Ol gämileriň hemme ýerinden iň gaty demirden ýasalan oklar atylyp, hudaýyň oturan arşyny weýran etmelidi. Ol dünýäniň bar ýurdundan iň güýçli söweşijileri toplady. Olar şeýle bir kändi we, ýanma-ýan hatara düzseň, giden meýdany tutýardy. Onsoň olar gämilere mündiler. Patyşa hem öz gämisine ýöneldi. Ýöne şol wagt hudaý oňa tarap bir bölejik çybyn, kinniwanja peşe goşunyny iberdi. Olar patyşanyň töwereginde wyzlaşyp, onuň elinden-ýüzünden çakdylar.

Ol gahar bilen gylyjyny çykaryp, çybynlara salgady. Emma onuň gylyjy hiç çybyny öldürmedi, diňe howada ses etdi. Onsoň ol hyzmatkärlerine gymmatbaha peşehanalary getirmegi hem-de, çybynlar çakmaz ýaly, üstüni örtmegi buýurdy. Hyzmatkärler onuň diýenini iki gaýtalatmadylar. Emma bir çybyn peşehanalaryň biriniň arasyna girip gizlendi we patyşanyň gulagyna sümlüp girip, onuň gulagyndan iňňesini geçirdi. Onuň çakan ýeri ot alan ýaly boldy we patyşanyň gany zäherlendi. Agyrydan däliräre gelen patyşa peşehanany hem, eşiklerini hem ýyrtym-ýyrtym etdi we çar tarapa zyňyşdyrdy.

Emma ol munuň bilen agyrysyndan dynmady we çydaman, nökerleriniň öňünde diriň-diriň bökmäge başlady. Olar onuň bolşuna geň galyp: "Däli patyşa, hudaý bilen söweş gurmakçydyň-a, bir peşeden ýeňlip, nädip dursuň?" diýip, pakyrda berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG