Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirtaş Moskwa sapar etdi


Türkiýäniň kürtlere tarapdar oppozision partiýasynyň lideri geçen aý rus uçaryny urup ýykandygy üçin Ankarany tankyt etdi.

Halk Demokratik partiýasynyň lideri Salahatdin Demirtaş bu sözleri 23-nji dekabrda, Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşanda aýtdy.

Ol Moskwada gowy garşy alyndy, ýogsa rus prezidenti Wladimir Putin geçen hepde türk ýolbaşçylary bilen bozulan aragatnaşygy düzetmek mümkinçiligini görmeýändigini aýdypdy.

Orsýet 24-nji noýabrda bolan uçar hadysasyndan soň Türkiýäniň garşysyna ykdysady sanksiýa girizdi we prezident Rejep Taýyp Erdogany berk tankyt etdi.

Erdogan Türkiýäniň Halk Demokratik partiýasyny ýurduň günorta-gündogaryndaky ýaragly kürt toparlary bilen gatnaşyk gurmakda aýyplady.

Lawrow Demitaşa Orsýetiň Siriýadaky we Yrakdaky «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän etniki kürtler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG