Sepleriň elýeterliligi

AI: Asuda adamlar bombalanýar


Amnesty International Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalarynda graždan ilatdan ýüzlerçe adamyň öldürilmegi uruş jenaýatyna barabar bolup biler diýýär.

Hukuk goraýjy toparyň 23-nji dekabrdaky hasabatynda Orsýetiň howa reýdlerinde ýaşaýyş jaýlaryna, metjide, mähelleli bazara we medisina desgalaryna käbir howa zarbalarynyň urlandygy aýdylýar.

Bu hili hüjümler uruş jenaýatlaryna barabar bolup biler diýip, hasabatda aýdylýar we «güman edilýän hukuk bozulmalarynyň garaşsyz we bitarap görnüşde derňelen bolmagy örän möhüm» diýilýär.

Orsýetiň Goranmak ministrligi bu aýyplamalary ret etdi we hasabat ýalan-ýaşryk zatlardan doly diýdi.

XS
SM
MD
LG