Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina: Orsýet bilen söwda çäklendiriler


Ukrain parlamenti 24-nji dekabrda hökümete Orsýete garşy söwda gadaganlygyny girizmek hukugyny bermegi sese goýdy.

Bu kanun taslamasyna parlamentiň 420 agzasynyň 291-si goldaw bildirdi we ol prezident tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer.

Orsýet geçen hepde özüniň Ukraina bilen azat söwda zonasyny ýatyryp, ukrain azyk harytlarynyň importyny gadagan edipdi.

Ukraina gelýän ýyldan Ýewropa Bileleşigi bilen azat söwda gatnaşygyna girer.

XS
SM
MD
LG