Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Sangine howa zarbalary uruldy


Helmand welaýatynyň ýollary
Helmand welaýatynyň ýollary

Birleşen Ştatlaryň uçarlary Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynyň şu hepdäniň başynda «Talabanyň» eline geçen Sangin etrabyna iki hüjümi amala aşyrdy diýip, resmiler 24-nji dekabrda aýtdylar.

Owgan güýçleri bilen talyban jeňçileriniň arasynda strategiki taýdan möhüm etrap üstündäki söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.

«Talyban» indi özleriniň Sangin etrabyna tutuşlygyna diýen ýaly kontrollyk edýändiklerini aýdýarlar. Olar etrap merkezindäki polisiýa we adminstrasiýa binalaryny hem ele geçirdiler.

Emma muňa garamazdan, owgan resmileri jeňçileri yza seкpikdirip, etraby gaýtadan eýeländiklerini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky NATO missiýasynyň sözçüsi amerikan harbylarynyň ýarygijeden öň Sanginiň golaýyna iki howa zarbasyny urandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG