Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain parlamenti býujeti kabul etdi


Ukrainanyň parlamenti, Kiýew, 25-nji dekabr, 2015.
Ukrainanyň parlamenti, Kiýew, 25-nji dekabr, 2015.

Ukrainanyň parlamenti 2016-njy ýyl üçin býujeti kabul etdi we Halkara Maliýe Fondunyň Kiýewe karz bermek üçin talap edýän şertlerini berjaý etdi.

Kanun çykaryjylar salgyt reformalaryny geçirmek we salgytlary artdyrmak boýunça çäreleriniň ençemesini, şol sanda iş berijileriň salgytlaryny azaltmak, hususy girdejilerden salgytlary sazlaşdyrmak we temmäkä, alkogola hem ýangyja salgytlary artdyrmak çärelerini kabul etdiler.

Reformalar uly gapma-garşylyklary döredipdi. Köp deputat güýçli ykdysady çökgünlikde zordan gün görýän ukrainler üçin salgytlary artdyrmagyň adalatly däldigini aýdypdy.

Halkara Maliýe Fondy 17.5 milliard dollarlyk maliýe kömeginiň üçünji böleginiň çäginde Kiýewe 1.7 milliard dollaryň berilmeginden ozal býujetiň kabul edilmeginiň zerurdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG