Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew: Orsýet proýektleri maliýeleşdirip bilmez


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, Bişkek, 24-nji dekabr, 2015
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, Bişkek, 24-nji dekabr, 2015

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Orsýetiň Gyrgyzystanda gidroelektrostansiýalaryny gurmagy ylalaşan iki proýekti mundan beýläk maliýeleşdirmäge ukyply bolmajagyny aýtdy.

Atambaýewiň 24-nji dekabrda eden çykyşy nebitiň bahasynyň peselmeginiň we günbatar sanksiýalarynyň netijesinde Orsýetiň ykdysady kuwwatynyň peselmegini nygtady.

Orsýetiň maliýe kynçylyklary onuň ýakyn ýaranlaryny we goňşularyny maýa goýumlar üçin Hytaýa we hususy inwestorlara ýüzlenmäge mejbur etdi.

Atambaýew Gyrgyzystanyň Naryn derýasynda bahasy 3.2 milliard dollarlyk iki proýektiň durmuşa geçirmek üçin täze partnýor gözleýändigini aýtdy.

“Orsýetiň ykdysadyýeti ösmeýär we nebitiň bahasynyň ugury hem negatiw” diýip Atambaýew metbugat-konferensiýasynda aýtdy we bu meseläni hepdäniň başynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada geçiren gepleşiklerinde maslahat edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG