Sepleriň elýeterliligi

Moskwa kürtlere tarapdar partiýanyň liderini kabul etdi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) Türkiýäniň “Halk demokratik partiýasynyň” egindeş başlygy Selahattin Demirtas (ç), Moskwa, 23-nji dekabr, 2015.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) Türkiýäniň “Halk demokratik partiýasynyň” egindeş başlygy Selahattin Demirtas (ç), Moskwa, 23-nji dekabr, 2015.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ankarany geçen aýda orsýet uçaryny urup gaçyrmakda tankytlap, Moskwa bilen bile çykyş eden Türkiýäniň syýasy partiýasynyň lideri bilen duşuşdy.

24-nji dekabrda “Halk demokratik partiýasynyň” egindeş başlygy Selahattin Demirtas bilen geçirilen duşuşyk Türkiýäniň göwnünden turmady. Türkiýe ýurduň içinde kürt gozgalaňçylaryna garşy söweşýär, şeýle-de urlyp gaçyrylan orsýet uçarynyň daşynda diplomatik urşuny alyp barýar.

Lawrow türkiýeli kürtleri “Yslam döwleti” toparyna garşy potensial ýaran diýip atlandyrdy we Orsýetiň olar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Emma Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu kürt lideriniň orsýet uçary bilen baglylykda Orsýete bildiren goldawyny “doly masgaraçylyk we dönüklik” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG