Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papa bosgunlary goldamaga çagyrdy


Rim Papasy Fransis Kristmas çykyşynda, 25-nji dekabr, 2015
Rim Papasy Fransis Kristmas çykyşynda, 25-nji dekabr, 2015

Papa Fransis Kristmas baýramçylygy mynasybetli eden çykyşynda migrantlar bilen raýdaşlyga çagyrdy we olara pena berýänleri taryplady.

“Ýardam bermekde el açyklyk görkezýän we ençeme migranty hem bosguny kabul edýän raýatlara we döwletlere alladan gaýtsyn”, diýip Papa Fransis Rimde Mukaddes Peter ybadathanasyndan eden çykyşynda aýtdy.

Şu hepdäniň başynda BMG-niň bosgunlar agentligi we Migrasiýa boýunça halkara guramasy bir milliondan gowrak bosgunyň şu ýyl Ýewropa barandygyny, ýene 3600 adamyň ölendigini ýa ýitirim bolandygyny aýtdy.

Papa Fransis ýyllyk çykyşynda BMG-niň Siriýada we Liwiýada konfliktleriň soňuna çykmak boýunça tagallalaryna goldaw bildirdi. Şeýle-de Ýakyn Gündogarda, Afrikada we beýleki konfliktli regionlarda parahatçylyga çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG