Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk seriallary Latyn Amerikasynda ýörgünli


"Ajaýyp asyr" atly serialda oýnaýan artistler we aktrisalar.

"Ajaýyp asyr" atly serialda oýnaýan artistler we aktrisalar.

"France Presse” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň "Müňbir gije" atly serialynda Şährazat bilen Onuryň jebir-jepaly söýgüsi Çiliniň telekanalyny özüne bendi edipdir we şeýlelikde Latyn Amerikasynda praým-taýmyň ýagdaýy hem üýtgäpdir.

Türk seriallary öz töweregine ençe ýyldan bäri Çilide görlüp-eşidilmedik teletomaşaçy ýygnamagy başarypdyr. Şeýlelikde telekanalyň girdejisi hem artypdyr. Bu ýagdaý Latyn Amerikada beýleki telekanallary hem türk seriallaryny satyn almaga iteripdir.

Habar gullugynyň ýazmagyna görä, "Müňbir gije" atly türk serialyny satyn alan mahaly "Mega" telekanaly gaty kyn ýagdaýda ekeni. Soň ol türk serialynyň gazandyran girdejisini gören telekanal, derrew "Fatmagülüň günäsi näme?" we "Ezel" atly beýleki türk seriallaryny hem satyn alypdyr.

Şährazat bilen Onur indi Kolumbiýaly teletomaşaçylaryň hem ýüreginiň töründe orun almagy başarypdyr. Ol serial indi Urugwaý, Braziliýa, Ekwador we Peruda hem görkeziler. Ol Argentina bilen Boliwiýa hem satylypdyr.

”France Presse” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda ýörite öz muşdaklary bolan Türkiýäniň telekanallary üçin bu ýagdaý ullakan bir öwrülşikdir. Türkiýäniň "Global Agency" firmasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Izzet Pinto "Latyn Amerika bazaryna girmek gaty köp wagt aldy. Ýöne bu ýyl ol sebitiň bazaryna girmek başartdy. Çilide gaty uly üstünlik gazandyk we şeýlelikde beýleki bazarlaryň gapysy hem bize açyldy" diýipdir.

Çiliniň TVN atly firmasynyň seriallar baradaky menejeri Francisco Cortes "Türk seriallary has köp romantika we iň az derejede jynsy gatnaşyk görkezýän klassyky melodramalardyr. Adamlar köneçil, adaty görnüşdäki, klassyk esasda surata düşürilen seriallary halaýarlar. Türk seriallary Latyn Amerika bazaryna ýerli seriallar jynsy gatnaşyklara we "narko-telenowella" temalaryna aşa ýykgyn edýän mahaly girdi. Ýerli teletomaşaçylar ýerli temalardan irene meňzeýär " diýip belleýär.

Geçen hepde "Canal 13" atly telekanal "Ajaýyp asyr" atly serialy görkezmäge başlady. Serialda soltan Süleýmanyň roluny oýnaýan artist Halit Ergençi teletomaşaçylar "Müňbir gije" atly serialda Onuryň roluny ýerine ýetiren mahaly halapdylar. Häzir ol türk artist Çilide gaty tanymal sungat işgärine öwrüldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG