Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň iň güýçli pitne toparlarynyň biriniň lideri öldürildi. Siriýanyň goşuny we oppozisiýa aktiwistleri bu wakanyň Damaskyň gündogaryna urlan howa zarbasynda bolandygyny aýtdylar.

Zahroun Allouş we «Jaýş al-Yslamyň» beýleki birnäçe komandiri 25-nji dekabrda, uruş uçary Siriýanyň paýtagtynyň golaýynda duşuşyk ýerini bombalanda öldürildi.

Saud Arabystanynyň goldawyndaky yslamçy topar prezident Başar al-Assadyň režimine garşy göreşýän iň güýçli toparlaryň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG