Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýer yrandy


Hindiguş daglary
Hindiguş daglary

Demirgazyk Owganystanda, Täjigistan we Pakistan bilen serhetde güýçli ýer yranmasy boldy diýip, ABŞ-nyň geologiýa barlaglary habar berýär.

Pakistanda bir esger öldi, Nangarhar welaýatynda azyndan 12 adam ýaralandy we hassahana ýerleşdirildi diýip, pakistan we owgan resmileri aýtdylar.

Merkezi Hindiguş daglarynda bolan ýer yranmasynyň güýjüniň 6.2 magnitud, çuňlugynyň 203 kilometr bolandygy aýdylýar.

Ýer 25-nji dekabrda, ýerli wagt bilen 23.00 töwereginde yranypdyr. Kabulyň ýaşaýjylary ýer sarsgynlaryndan gorkup, sowuk gijede öýlerinde bosup çykmaga mejbur bolupdyr.

Ýer yranamasy Pakistanyň paýtagtynda hem jaýlary sarsdyrdy we uklap ýatan ýaşaýjylar daşary çykmaga mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG