Sepleriň elýeterliligi

Awtobus heläkçiliginde 43 adam öldi


 Samangan welaýaty

Samangan welaýaty

Owganystanyň Goranmak ministrligi demirgazyk Owganystanda ýolagçy awtobusy bilen ýük maşynynyň çakyşmagy netijesinde azyndan 43 adamyň ölendigini aýtdy.

25-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda 24-nji dekabrda Samangan welaýatynda bolan ýol hadysasynda ölenleriň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygy aýdylýar.

Awtobus paýtagt Kabuldan Mazari-Şerife barýan 50-den gowrak ýolagçyny alyp barýan eken.

Heläkçilik Samanganyň Hazrat soltan etrabynda bolupdyr. Goranmak ministrligi bu hadysada 17 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG