Sepleriň elýeterliligi

Rahmon «lider» kanunyna gol çekdi


 Emomali Rahmon

Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon «Milletiň lideri» derejesiniň özüne ömürboýy jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny berýändigi baradaky kanun taslamasyna gol çekdi.

Bu kanun taslamasy şu aýyň başynda parlamentiň ýokarky we aşaky öýleri tarapyndan biragyzdan tassyk edildi.

Onda Rahmon resmi taýdan «Täjigistanda parahatçylygy we milli bütewiligi esaslandyryjy» hökmünde kesgitlenýär we onuň iş başynda eden hiç bir hereketi üçin jogapkärçilige çekilip bilinmejegi aýdylýar.

Bu kanun 1991-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan öňki kolhoz başlygynyň, 63 ýaşyndaky Rahmonyň garyndaşlaryny hem gorag astyna alýar.

Garşydaşlary we aktiwistler bu çäräni demokratiýadan daşlaşmak hökmünde berk tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG