Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran tussag habarça maşgalasyny görkezdi


Mary Rezaian (S) we Ýeganeh Salehi
Mary Rezaian (S) we Ýeganeh Salehi

«Washington Post» gazetiniň habarçysy Jeýson Rezaiana türmede maşgalasy bilen baýamçylyk naharyny iýmäge rugsat berildi, ol indi 500 günden gowrak wagt bäri Eýranyň tussaghanasynda saklanýar.

“Biz kärdeşimiz Jeýsonyň ejesi Mari we aýaly Ýegi bilen baýramçylyk naharyny edinmegine rugsat berilmeginden örän hoşal bolduk» diýip, gazetiň ýerine ýetiriji redaktory Martin Baronyň 25-nji dekabrdaky beýanatynda aýdylýar.

«Bu 522 gün bäri adalatsyz tussaglykda saklanýan hormatly we bigünä adamyň ýanyna barmaga berlen seýrek rugsat» diýip, beýanatda aýdylýar.

39 ýaşyndaky eýran we amerikan raýaty Jeýson Rezaian şu ýylyň başynda ýapyk gapylaryň arkasynda sud edilip, içalyçylykda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG