Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Ýeňillikleri saklap galdyk


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylda altmyşdan gowrak mejlis geçirip, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini peseltmezlik üçin zerur çäreleri görendigini aýdýar.

Türkmen metbugaty prezidentiň anna güni, Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirendigini habar berýär.

«Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini pes derejede saklanyp galýar, maliýe bazarlaryndaky durnuksyzlyk hem barha artýar, çig mal nyrhlary pese düşýär» diýip, prezident öz çykyşynyň başynda aýtdy.

Türkmen lideriniň pikirine görä, ykdysadyýetdäki maýa goýumlarynyň azalmagy, ösüp barýan ýurtlaryň milli pullarynyň hümmetleriniň peselmegi aýratyn hem ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetinde kynçylyk döredýär.

Emma prezident Berdimuhamedow, bolýan özgerişlikleri nazarda tutmak bilen, Türkmenistanda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmezligi üçin zerur bolan çäreleriň görlendigi barada öň hem aýdan pikirlerini gaýtalady.

Ýöne ol halkyň durmuş derejesini peseltmän saklan çäreler diýýäni barada, şeýle-de Türkmenistanyň nebitiň we gazyň bahasynyň aşak gaçmagy, Orsýetiň gaz töleglerini edip bilmezligi we beýleki ýagdaýlar bilen bagly çeken we çekjek zyýany, ol zyýanyň öwezini dolmak üçin edilen anyk işler, görlen tygşytlylyk çäreleri barada gürrüň etmän, geçirilen mejlisleriň sanyna ýüzlendi.

2015-de geçirilen mejlisler

«Ynha, biz şu ýyl Ministrler kabinetiniň 49 mejlisini, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisini, döwlet derejesindäki maslahatlaryň bolsa 38-sini geçirdik" diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň hökümet wekilýetiniň daşary ýurtlara 17 saparynyň amala aşyrylandygyny, daşary ýurtlardan bolsa Türkmenistana 22 sany hökümet delegasiýasynyň gelendigini, köp duşuşyklaryň geçirilendigini nygtady.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, geçirilen maslahatlarda we duşuşyklarda «çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi».

«Ynha, biz şu ýyl Ministrler kabinetiniň 49 mejlisini, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisini, döwlet derejesindäki maslahatlaryň bolsa 38-sini geçirdik.

Emma prezident şol maslahatlarda kabul edilen kararlar we çykarylan çözgütler «öz oňyn netijelerini berdi» diýse-de, halka S.Nyýazow döwründen bäri berilýän ýeňillikleriň saklanyp galmagyndan başga delil getirmedi.

«Ilatymyz üçin ähli durmuş ýeňilliklerini saklap galdyk» diýmek bilen, ol halkyň tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýandygyny belledi.

«Jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary ujypsyz bolmagynda galýar, harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin hem zerur çäreleri gördük» diýip, prezident aýtdy.

Emma ýylyň başyndan awtoulagly raýatlara berilýän ýangyjyň ýatyrylmagy, manadyň dollaryň garşysyndaky hümmetiniň peseldilmegi, benziniň we beýleki bir topar harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagy türkmenistanlylarda, ýurt içinden gelýän habarlarda aýdylmagyna görä, ýeňillikli harytlar we hyzmatlar döwrüniň gutarýandygy barada howsala döredipdi.

Ikinji tarapdan, mugt harytlary pully etmek meselesi Ýaşulular maslahatynda hem orta atyldy. Şonuň bilen birlikde, ýurtda dollar satyn almak boýunça bir topar çäklendirme girizildi, býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň bank hasaplaryna, plastiki kartlara geçirilmegi bilen, Täze ýylyň öň ýanynda nagt manat ýetmezçiligi duýuldy.

Mundanam başga, hökümet halkdan karz pul almak boýunça bäş ýyllyk obligasiýalary çap etmek kararyny yglan etdi.

Daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede işleýän türkmenistanly migrantlar Azatlygyň sosial ulgamlardaky saýtlarynda öz dogduk watanlarynda ýaşamagy we işlemegi arzuw edýändiklerini, emma ýurtda ýeterlik iş bolmansoň, özlerini we maşgalalaryny eklemek üçin daşarda galmaga mejburdyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistan soňky 20 ýylda ýurtda 117 milliard dollardan gowrak maýa özleşdirilendigini, häzir iki müň çemesi iri gurluşyk obýektiniň gurulýandygyny aýdýar.

Emma ýurt sebitde iň ýapyk, hormatly dynç alşa çykan raýatlaryna iň az pensiýa berýän döwletleriň hatarynda agzalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG