Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2016- Watany özgertmek ýyly bolar


Türkmenistan ýetip gelýän 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýen şygar bilen garşylamak isleýär.

Bu teklip anna güni, Ministrler kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta atyldy.

Şeýle-de prezident, geljek ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk ýubileýine bagyşlap nyşan çykarmak üçin bäsleşik guralmagyny tabşyrdy diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

XS
SM
MD
LG