Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gozgalaňçylar strategiki bendi aldy


Demirgazyk Siriýa, ýaraglanan etniki türkmenler
Demirgazyk Siriýa, ýaraglanan etniki türkmenler

Siriýanyň arap, kürt we hristian söweşijileri demirgazyk Siriýadaky strategiki bendi ele geçirdiler, bu ilerleme Damaskyň golaýynda urlan howa zarbasynyň ýene bir pitneçi komandiri öldürip, indiki aýa bellenen parahatçylyk gepleşiklerine täze bir nämälimlik salan wagtyna gabat geldi.

Demokratik Siriýa diýip bilinýän koalisiýanyň sözçüsi, polkownik Talal Selo öz söweşijileriniň Ýefrat derýasyndaky Tişrin bendini 26-njy dekabrda «Yslam döwleti» toparynyň elinden alandygyny aýtdy.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy, Britaniýada ýerleşýän gözegçilik topary hem koalisiýanyň bendi ele geçireninden soň YD-nyň söweşijilerine garşy gazaply söweşe geçendigini aýtdy.

Bu göçüm YD-ynyň demirgazyk Siriýada orun tutan ýerleriniň arasyndaky üpjünçilik ýollaryny kesmäge gönükdirilen hüjümiň bir bölegidi. YD öz elektrik togunyň köp bölegini Tişrin bendinden alýardy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan koalisiýa YD-yny derýanyň 22 km uzaklygyndaky Rakkadan çykaryp kowmagy maksat edinýär.

Koalisiýanyň başga bir sözçüsi şu hepdäniň başynda öz güýçleriniň Rakka bilen ýene bir şäheriň, bendiň demirgazyk-günbataryndaky Manbijiň arasyndaky üpjünçilik liniýalaryny kesmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Şu aralykda BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň uruşýan taraplarynyň arasynda bäş ýyla golaýlan raýat urşuny soňlamaga gönükdirilen parahatçylyk gepleşiklerine 25-nji ýanwarda başlamaga çagyrdy.

Staffan de Misturanyň sözçüsi ýörite wekiliň Ženewadaky gepleşiklere Siriýanyň oppozisiýasynyň we beýlekileriň mümkin boldugyça has giň spektriniň goşulmagyny isleýändigini aýtdy.

“Ol ýerde dowam edýän wakalaryň gepleşikleri puja çykarmagyna ýol bermeli däl» diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu beýanat Siriýanyň ýokary derejeli pitneçi komandiri Zahran Alluşyň öldürilen wagtyna gabat geldi. Ol 25-nji dekabrda, bu toparyň baş ştabyny nyşana alan howa zarbalarynda wepat boldy. Onuň «Yslam goşuny» toparynyň başga-da birnäçe komandiri öldürildi.

«Yslam goşuny» Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy uruşýan toparlaryň iň kuwwatlysy hasaplanýar.

Siriýanyň harby güýçleri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma oppozisiýa toparlarynyň birnäçesi bu işi sentýabryň aýagyndan bäri YD nyşanalaryny we beýleki pitneçi toparlary bombalaýan Orsýetden gördi.

Alluşyň janyna kast edilmegi oppozisiýa düýpli bökdençlik getirdi we bu ýagdaýyň Ženewada planlaşdyrylan gepleşikleriň öňünden wakanyň bolýan ýerindäki esasy oýunçylaryň hataryna üýtgeşiklik salmagy mümkin.

Bu kast ediş «syýasy ylalaşyk baradaky ähli gepleşikleri ýaňsa alýar we başlanmadyk düşünişmeleriň aşagyny köwýär» diýip, Günbatar tarapyndan goldanylýan esasy oppozisiýa toparynyň, Siriýanyň Milli koalisiýasynyň uly agzasy Anas al-Abdeh AP habar gullugyna aýtdy.

Ženewada planlaşdyrylan gepleşik BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasyna esaslanýar, bu rezolýusiýa 18-nji dekabrda, Siriýanyň parahatçylyk prosesiniň gollanmasy hökmünde, biragyzdan tassyk edildi. Bu dünýäniň iri döwletleriniň arasynda seýrek duşýan agzybirligi görkezdi.

Siriýanyň hökümetiniň 2011-nji ýylyň başynda demokratiýa tarapdar hereketi basyp ýatyrmagy bilen möwjäp galan uruşda 250 münden gowrak adam öldi.

«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri bu dörän başagaýlykdan peýdalanyp, Siriýada we Yrakda uly territoriýany basyp aldylar, 4.3 million töweregi siriýaly gaçmaga mejbur boldy.

"Siriýanyň halky ejir çekme kemini goýmady» diýip, BMG-niň beýanatynda aýdylýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG