Sepleriň elýeterliligi

Zeman 'bosgunlar guralan' diýdi


 Milos Zeman

Milos Zeman

Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman Ýewropa gelen bosgunlar tolkuny «guralan giriş» we ýaş siriýalylar hem yraklylar YD toparynyň garşysyna söweşmelidi diýdi.

Zeman 26-njy dekabrda, Kristmas baýramçylygy mynasybetli eden telewizion ýüzlenmesinde özüniň 2015-nji ýylda bir milliondan gowrak bosgunyň Ýewropa gaçmagynyň guralan zatdygyna, olaryň birden dörän bosgun hereketiniň netijesi däldigine ynanýandygyny aýtdy.

Ol gartaşan, ýarawsyz ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik bosgunlara rehim edilip bilinjekdigini, emma ýaş erkekleriň ellerine ýarag alyp, yslamçy jeňçileriň garşysyna göreşmelidigini aýtdy.

«Men bu erkekleriň ellerine ýarag alyp, öz ýurtlarynyň azatlygy üçin «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşmeýşine geň galýaryn» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG