Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Tupan 22 adamy öldürdi


Tehsasda turan güýçli gaýda ölen dört adam Birleşen Ştatlaryň günortasynda turan gazaply tupanlarda ölenleriň sanyny 22-ä ýetirdi.

26-njy dekabrda Dallas şäheriniň töwereginde turan tupan onlarça jaýy ýykyp-ýumurdy we bir topar jaýa zyýan ýetirdi.

Tehsasdaky ölüm habarlaryndan bir gün öň Missisipi, Tennesi, Arkanzas we Alabama ştatlarynda 18 adamyň ölendigi habar berilipdi.

Şeýle-de bu ştatlarda 60-dan gowrak adam ýaralandy, olaryň köpüsiniň ýarasynyň agyrdygy aýdylýar.

Dallas uçar meýdany, Birleşen Ştatlaryň iň bir gelim-gidimli howa porty bolsa, tupan duýduryşy mahalynda dört sagatdan gowrak wagtlap, uçuşlaryň ählisini wagtlaýyn togtatmaly boldy.

ABC bäş ştatda 100 müňden gowrak jaýa düýpli zyýan ýetendigini, Alabamadaky sil zerarly 200 çemesi köçäniň ýapylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG