Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Metjit ýangyny derňelýär


Häkimiýetler Tehsasyň Houstan şäherinde 25-nji dekabrda metjitde turan ýangynyň sebäplerini derňeýärler.

Bu ýangynyň birden metjidiň birnäçe ýerinde turmagy şübheli görnüpdir. Houstandaky Yslam merkezinde anna namazyndan soň turan ýangynda hiç bir adam ýaralanmady, emma ol uly zyýan ýetirdi.

Alkogol, temmäki, atýan tüpeňler we partlaýjylar boýunça federal býuronyň ýörite agenti Nikol Stroň ýangynyň sebäpleriniň kesgitlärden entek biraz irdigini aýtdy.

Bu Birleşen Ştatlarda şu aý bolan metjit ýangynlarynyň ikinjisidir. Soňky döwürde parižde we Kaliforniýanyň San Bernardino şäherinde bolan hüjümlerden soň, Birleşen ştatlarda musulmanlara garşy meýil ýokarlandy.

Respublikan prezidentlige kandidatlaryň käbiri öz sözlerinde musulmanlara gaşy meýilleri ulandylar.

XS
SM
MD
LG