Sepleriň elýeterliligi

Bosniýada 11 'terrorçy' tutuldy


Bosniýanyň terrorçylyga garşy prokuraturasy geçen hepde güman edilýän yslamçy ekstremistleriň 11 sanysyny tussag edip, Saraýewoda 100 çemesi adamy öldürip biljek hüjümiň öňüni alandygyny aýdýar.

Bosniýanyň döwlet telewideniýesi 26-njy dekabrda prokuror Dubrawka Kampara salgylanyp, ol toparyň ýyl ahyryndaky baýramçylyklarda terror aktyny planlaşdyrandygyny habar berdi.

Kampara ol adamlar 100 adamyň öldürilip biljek partlaýjysyny getirmek haýbatyny atypdyrlar diýipdir.

Güman edilýänler 22-nji dekabrda, Bosniýanyň paýtagtynyň birnäçe ýerinde geçirilen reýd mahalynda tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG