Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Aeroportuň golaýynda partlama boldy


Awtoulaga goýlan bombanyň partlan ýeri, Kabul, 28-nji dekabr, 2015.

Awtoulaga goýlan bombanyň partlan ýeri, Kabul, 28-nji dekabr, 2015.

Kabulyň halkara aeroportunyň golaýynda daşary ýurtlularyň ulag kerwenine garşy edilen bombaly hüjümde azyndan bir parahat ýaşaýjy wepat boldy.

28-nji dekabrda bolan bu hüjümde ýaralananlaryň sanynyň dörden 13 adama çenlidigi habar berildi.

Karzaý halkara aeroportunyň polisiýasynyň ýolbaşçysy general Hak Nawaz Hakjonyň Azat Owganystan Radiosyna aýtmagyna görä, heläkçiligiň uly möçberde bolmagy partlamanyň ýaşaýyş ýerde ýüze çykmagy bilen bagly.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabiullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini guramanyň üstüne aldy.

Bu hüjüm Pakistanyň goşun generaly Raheel Şarifiň Kabula sapar edip, owgan resmileriniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylykly gepleşikleri dikeltmäge synanyş etmeginiň ertesi boldy. Birinji gepleşikler iýul aýynda bolupdy, emma “Talybanyň” lideri Molla Omaryň ölümi barada yglan edilmeginiň yzýany ýatyrylypdy.

XS
SM
MD
LG