Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul: 'Jynsy gulçulyk' maslahat edildi


Ýaponiýanyň daşary işler Fumio Kişida
Ýaponiýanyň daşary işler Fumio Kişida

Günorta Koreýa we Ýaponiýa koreýaly zenanlaryň Ikinji Jahan Urşunyň dowamynda ýaponlaryň bordellerinde ten satmaklyga mejbur edilmegi barada onlarça ýyllap dowam eden dawany çözmek boýunça ylalaşdylar.

Seul tarapyndan 28-nji dekabrda gelnen ylalaşyga görä, ten satmaklyga mejbur edilen koreýaly zenanlar üçin bir million ýena (8.3 million dollar) möçberli fond döretmegi wada berdi.

Ýaponiýanyň daşary işler Fumio Kişida günorta koreýaly kärdeşi bilen duşuşygynyň dowamynda eden çykyşynda Tokyonyň zenanlaryň ejir çekmegi bilen baglylykda “uly jogapkärçilik” duýýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Kişida Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abeniň hem “çyn ýürekden ötünç sorandygyny we ökünç duýýandygyny” belledi.

Günorta Koreýa eger Ýaponiýa kompensasiýa tölemek barada wadasyny berjaý etse bu meseläni doly çözülen diýip hasap edilmegine seretmäge taýýardygyny belledi.

XS
SM
MD
LG