Sepleriň elýeterliligi

Dawutoglu 'HDP' bilen gepleşigi ret etdi


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu ýurduň baş kürtçi partiýasy bilen gepleşikleri geçirmegiň amatly däldigini, sebäbi onuň “hormatsyz” çykyş edendigini, şol sanda Ankaranyň Siriýada orsýet uçaryny urup-gaçyrmakda aýyplandygyny aýtdy.

Dawutoglu 28-nji dekabrda Stambulda geçiren metbugat-konferensiýasynda kürtçi “Halk demokratik partiýasy” bilen täze konstitusiýa boýunça gepleşikleri onuň çykyşy bilen baglylykda ýatyrandygyny aýtdy.

Dawutoglu we “Halk demokratik partiýasynyň” (HDP) liderleri ýurduň esasan kürt ilatly günortasy we beýleki bölekleri babatyndaky syýasatynyň daşynda gapma-garşylyk saklap gelýärler.

Partiýanyň egindeş başlygy Selahattin Demirtas geçen hepdede Moskwa eden saparynyň dowamynda Ankarany orsýet uçaryny Siriýada urup gaçyrmakda aýyplady.

Dawutoglu bu çykyşy dönüklik hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG