Sepleriň elýeterliligi

'YD' Ramadiden çykarylýar


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy, Ramadi, 27-nji dekabr, 2015.

Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy, Ramadi, 27-nji dekabr, 2015.

Yragyň resmileri howpsuzlyk güýçleriniň Ramadide “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň galasy bolan hökümet edara jaýlarynyň toplumyny öz gözegçiligine geçirendigini aýtdylar.

“Topluma gözegçilik olaryň Ramadide ýeňiş gazanandygyny aňladýar” diýip
Hökümet güýçleriniň tarapynda söweşýän güýçleriň metbugat-wekili Sabah al-Numani aýtdy, diýip Reuters agentligi 27-nji dekabrda habar berdi.

Yragyň güýçleriniň Ramadidäki ýeňişi hökümetiň Tikritden soň ikinji uly şäheri öz eline geçirmegine getirip biler.

Bu hökümetiň “YD” toparyny ýurduň galan böleklerinden gysyp çykarmagy üçin aýgytly bir pursat döredýär.

XS
SM
MD
LG