Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Tupandan 40-dan gowrak adam öldi


Tupanyň ýetiren zyýany, Rowlett, Tehas, 27-nji dekabr, 2015.

Tupanyň ýetiren zyýany, Rowlett, Tehas, 27-nji dekabr, 2015.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda turan tupan zerarly we onuň bilen bagly ýol hadysalarynda azyndan 11 adam wepat boldy, netijede ýurduň günorta böleklerinde bolan tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň sanyny azyndan 41 adama ýetirdi.

Şeýle-de 13 adamyň Missouri we Illinois ştatlarynda suw joşguny zerarly wepat bolandygy habar berildi.

26-njy dekabrda Dallas şäherinde we onuň töwereginde turan tupan ýüzlerçe jaýy ýumurdy we ýollarda dowul döretdi.

Resmiler Tehasda azyndan dokuz sany tupanyň bolandygyny tassykladylar.

XS
SM
MD
LG