Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görnükli lider


Shutterstoc. Book, old book.
Shutterstoc. Book, old book.

Görnükli döwlet işgäri Balyş Öwezowyň ömri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hem medeniýetiniň ösüşi bilen berk baglanyşykly boldy.

Geň ykbal

Şeýle tanymal hem täsirli adamlar hakda ençeme kitap ýazylaýjak ýaly, ýöne bu tersine, ol barada maglumat tapmak kyn.

Türkmenistanyň geçen asyrdaky ykdysady ösüşleri barada maglumat berýän çeşmelerde B.Öwezowyň ady agzalmaýar. Hamana, ýurda şeýle bir adam ýolbaşçylyk etmedik, asla ol bolmadyk ýaly gürrüň gidýär. On tomdan, on bir kitapdan ybarat Türkmen sowet ensiklopediýasynyň yzynda berlen Goşmaça bölümde, ol barada gysgajyk maglumat bar.

Şol maglumata görä, Balyş Öwezow on üç ýaşynda pedtehnikuma okuwa girip, ony 16 ýaşynda tamamlaýar. Şol ýerde mugallym bolup işe başlaýar. Soňra Aşgabadyň pedinstitutynda okaýar. Eýýäm 18 ýaşyndan, dürli jogapkärli wezipelere çekilýär.

Bu onuň örän işjeňlik hem başarjaňlyk ukybyndan habar berýän bolsa gerek.

Hadysa

Gadymy grek filosofiýasynda: “Bir giren derýaňa ikinji gezek girip bilmersiň” diýen kanun bar. Ýöne adamzat durmuşy kämil bolamsoň, käte bir derýa ikinji gezek girmeli bolýar. Görnükli döwlet işgäri Balyş Öwezow şony başaranlardan biridir.

Ol 1951-nji ýylyň ortalaryndan, 1957-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy boldy. Soňra “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Aradan bir ýyl geçensoň, şol ýokary wezipä ýaňadan gaýdyp gelmegi başardy hem Türkmenistan hökümetine ýolbaşçylyk etdi.

Şu ýerde gadymy greklerden ýene bir sözi ýatlalyň. Beýik Pifagoryň ýüzüginde “Gysga şowsuzlyk gysga üstünlikden gowy” diýen ýazgy bolupdyr diýýärler.

Sowetler döwründe bir wezipeden boşadylan adamyň ýaňadan ýene şol wezipä çekilmegi örän seýrek duşýan hadysadyr.

Galkynyş

Balyş Öwezow diňe bir öz ornuna dolanyp gelmek däl, ondan ýokary ösmegi-de başardy. 1960-njy ýyldan, Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi komitetiniň 1-nji sekretary wezipesine saýlandy. Kompartiýanyň ýolbaşçysy bolsa iş ýüzünde ähli häkimiýetleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň üstünden agalyk edýärdi. Bu ýurduň Konstitusiýasynda görkezilmedik, hakykatda Konstitusiýadan hem ýokardaky häkimiýetdi. Balyş Öwezow şol çäksiz güýçli häkimiýetiň başynda 1969-njy ýylyň aýagyna çenli oturdy.

Şol ýyllar Türkmenistanyň ykdysady hem sosial durmuşynda düýpli ösüşler bolup geçdi. Gurluşygy örän uzaga çekdirilen Garagum kanalynyň 1-nji tapgyry tamamlanyp, tarp ýerleriň özleşdirilmegine şert döredi. Kanalyň nobatdaky gurluşygy has çaltlandyryldy. Täze kolhoz-sowhozlar emele geldi. Ýurduň öndürýän pagta hasyly 40 müň tonna bolanlygyndan, 410 müň tonna ýetirildi. Yurt ägirt uly pagta öndürýän hojalyga öwrüldi.

Garagum kanaly bilen baglanyşykly köp guramalar hem gurluşyk edaralary peýda boldy. Bu ugurda täze iş orunlary açyldy. Amyderýanyň suwy tiz wagtda Aşgabada baryp ýetdi. Balyş Öwezowyň ýolbaşçylyk eden döwründe gurlan kanal we beýleki ägirt uly suw desgalary ýaly işleri soňra ondan iki esse köp möhlete döwlete baştutanlyk edenlere başarmadylar. Şeýlelikde, “Garagum kanalyny Kaspi deňzine ýetirmeli” diýlen ýörelge öz-özünden unudyldy hem ol şyrag gaýdyp ýatlanmady.

Türkmenistan üçin iňňän möhüm we zerur bolan suw üpjünçiligi meselesini Balyş Öwezow çözmegi başardy diýen gürrüň döredi.

Garaýyşlar hem derňewler

Bu ýokary göterilişiň barysyny bir adamyň adyna bermek dogry bolmasa gerek. Islendik ýolbaşçynyň başarjaň taraplaryndan daşary kemçilikleri, ejiz taraplary-da bolýar ahyryn. Eýsem ol beýik hyzmatda kimiň näçe paýy bar?

Bu ýerde şol döwürde jogapkärli wezipelerde işlän adamlaryň ýatlamalary has täsirli maglumat bolardy. Gynasak-da, beýle işler edilmedi.

Ýöne taryh hakykaty bir sebäp bilen jemgyýete ýatladup durýar. 29-njy dekabrda Balyş Öwezowyň dünýä inenine 100 ýyl dolýar. Golaýda, ýany 13-njy oktýabrda onuň aradan çykanyna 40 ýyl bolupdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG