Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Musulmanlar Yslamyň abraýyny galdyrmaly


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani musulmanlary yslam dininiň at-abraýyny ýokarlandyrmagy çagyryp, "Yslam döwleti" atly topar ýaly ekstremistik toparlaryň musulman dinine zyýan ýetirendigini aýtdy.

Rohani 27-nji dekabrda Tähranda geçirilen Yslam konferensiýasynda: "Biziň şu gün iň uly borjumyz bütindünýä jemgyýetçilik pikirinde yslama ýanaşan nädogry täsirleri düzetmek diýdi.

Eýranyň prezidenti döwlet telekanalynda jemgyýetçilige ýetirilen beýanatynda ýene şeýle diýdi: "Eýse biz duşmanyň deregine yslam dünýäsiniň öz içinde yslam dinini ulanýan bir kiçijik topar ony ganhorlyk, zorluk, gamçy, talaň we adalatsyzlyk dini edip görkezer diýip pikir edipmidik?"

Eýran we huti pitneçileri

Rohani yslam dininiň prinsipleri zorluga garşy diýip, "Yslam döwleti" ýaly hereketleriň ekstremizmini "dar düşünjelilik, salykatsyzlyk" diýip atlandyrdy.

Ol şeýle hem musulman ýurtlaryny Siriýada, Yrakda we Ýemende barýan "gyrgynçylyk hem gandöküşlik babatynda dymmakda" aýyplady.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldaýan Eýran Ýemeniň uly bölegine kontrollyk edýän huti hereketine ýaranlyk edip, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy söweş alyp barýar.

Rohani Saud Arabystanyny huti pitneçilerini bombalamak bilen garyplygy hem terrorizmi ýaýratmakda, şeýle hem Siriýada Assada ygrarly güýçleriň garşysyna göreşýän oppozision toparlary goldaýanlykda aýyplady.

“Garyp musulmanlara"

Rohani: "Siriýanyň ysgynsyzlyga uçramagynyň onuň musulman goňşularyna näme peýdasy bar? Siriýanyň dargamagy bilen Türkiýe, Iordaniýa, Saud Arabystany, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri ýa beýleki döwletler güýçlenermi? Siriýanyň dargamagyna Ysraýyldan başga begenjek barymy?" diýen soraglary orta atdy.

Eýranyň prezidenti Saud Arabystanyny puluny "garyp musulmanlara" paýlamagyň deregine, Birleşen Ştatlardan "bombalar, raketalar" satyn alýanlykda aýyplady.

Ol soňra hem Ýemendäki gumanitar krizise sebäp bolan Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howadan urýan bombaly zarbalary diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Agzalýan koalisiýa Eýran tarapdan goldalýan hutilere garşy söweşe mart aýynda başlady.

Rohaniniň aýtmagyna görä, Orta Gündogardaky yslamçy ekstremizmiň esasy sebäbi Ýemende barha artýan garyplyk.

XS
SM
MD
LG