Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birden ABŞ-nyň başyna antimusulman prezident geläýse…


Britan žurnalisti Bethan McKernan “Independent” gazedinde ýazan makalasynda, häzirki respublikançylaryň dalaşgärleriniň bäsleşigine garalanda, bu ýagdaý göýä hakykata öwrüläýjek ýaly ynjalyksyzlyk döreýär.

Britan žurnalisti Bethan McKernanyň ýazmagyna görä, respublikaçy dalaşgär Ted Kruzyň antimusulman garaýyşlary soňky wagtlarda bu ugurda berk tankyt edilýän Donald Trumpuň pikirlerinden hem has aýylgançdyr.

Makalada aýdylşyna görä, senator Ted Kruz we işewür Donald Trumpuň arasyndaky umumylyklar aslynda göze ilýänlerden has köpdür.

Donald Trump.
Donald Trump.

Žurnalistiň pikriçe, Kruz bilen Trumpuň salgytlar, migrasiýa we iň ýakymsyzy-da yslam baradaky garaýyşlary aslynda bir perdeden gopýar.

Makalada aýdylyşyna görä, Kruz aslynda musulmanlaryň häzirki döwürde ABŞ-da nyşana alynýan we ylaýta-da soňky ýyllarda duşmançylykly jenaýatlara has köp duçar edilýän ýeke-täk topardygyndan bihabarmy?

14 adamynyň pida bolan San Bernardino hüjüminiň yzysüre prezident Barak Obama öz çykyşynda, yslamyň hoşniýetli görnüşi bilen radikal görnüşiniň aratapawudyny seljerip, ony ýatdan çykarmaly däldigine aýratyn ünsi çekýär.

ABŞ-nyň baş kazysy Loretta Lyýnç bolsa duşmançylygy öjükdirýän hereketlere we musulman raýatlara garşy gurnalýan duşmançylykly hüjümleriň guramaçylaryna berk çäre görüljekdigini nygtaýar.

Kruz Trump ýaly "radarda tutulmandyr"

Makalada aýdylyşyna görä, şol bir wagtda-da Kruz geçen hepdedäki çykyşynda musulmanlar bilen arada çäk çekilmeginiň zerurdygyny gaýtalamagy ýadyndan çykaryp, oňa derek Obamany "terrorçylygy mahabatlandyryjy", Lyýnçy bolsa "polisiň wagyz-nesihatçysy" diýip atlandyrypdyr.

Respublikaçy dalaşgär Ted Kruz.
Respublikaçy dalaşgär Ted Kruz.

Kruz öz çykyşynda: "14 sany bigünä adamynyň ganyna galan terrorçylykly hüjümden soň bize bu ýurdy gorap biljek prezident bilen baş kazy gerek" diýipdir.

Žurnalistiň pikirine görä, Aýowada respublikançylaryň dalaşgärlik barasyndaky ýapyk ýygnagyna çenli Trumpuň ses ýygnamakdaky üstünligi ýokary galmaz we şondan soň öňdelik Kruzuň ygtyýaryna geçer.

Makalada aýdylyşyna görä, 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawyna dalaşgär bolmak we Ak tama göçmek üçin şonda Kruzuň bagty çüwüp biler.

Žurnalit şeýle-de Kruzuň Ýakyn Gündogardan bolýan göçe-göçlüge çäklendirme girizilmegi barasyndaky pikirleriniň edil Trumpuňky ýaly aç-açan däldigini we bu ugurda onuň "radarda tutulmandygyny" belläpdir.

Prezidentiň wize-prezidenti

Makalada nygtalyşy ýaly, Kruz häzire çenli Trumpuň awuly diliniň hüjümine duçar bolmadyk ýeke-täk respublikançy dalaşgärdir we Kruz hem köp wagtdan bäri ony tankyt etmejek bolup, seresaply hereket edýär.

Tanymal “Politico” žurnalynyň ýazmagyna görä bolsa Kruz, Trumpuň tarapdarlaryny ürküzmek islemeýär we bäsdeşi büdrän halatynda onuň elektroratyna eýe çykmagy planlaşdyrýar.

Britaniýaly žurnalist Bethan McKernan “Independent” gazetinde "Ukyňyzy täsgendirmek islemeýäris. Ýöne olaryň ikisinden biriniň bagty çüwäýse, beýlekisini özüne ýoldaş edinjekdigi ikiuçsyzdyr" diýip ýazýar.

Has gönümel aýdylanda, gürrüň ol ikisiniň ABŞ-nyň iň ýokarky wezipesi ugrundaky bäsleşikde prezident we wise-prezident orunlaryny alyp biljekdigi barasynda barýar.

XS
SM
MD
LG