Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2015: Azyndan 67 žurnalist öldürildi


Serhetsiz reportýorlar guramasynyň (RSF) belgisi
Serhetsiz reportýorlar guramasynyň (RSF) belgisi

2015-nji ýylda dünýäde azyndan 67 žurnalist öz işi bilen baglylykda wepat boldy, diýip “Serhetsiz reportýorlar guramasynyň” (RSF) maglumatynda aýdylýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän metbugat azatlygy ugrunda iş alyp barýan guramanyň 29-njy dekabrda aýtmagyna görä, hasaba alnan 67 žurnalist esasan asuda ýurtlarda öz işleri bilen baglylykda hüjümlere sezewar edilipdir.

Guramanyň bellemegine görä, žurnalistika boýunça iş alyp baran ýene 43 adamyň ölümi bilen bagly ýagdaýlar anyklanmansoň, 2015-nji ýylda žurnalistika işi sebäpli ölenleriň sanynyň has-da ýokary bolandygy çak edilýär.

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) 69 žurnalistiň ölendigini hasaba aldy.

Gurama Siriýany we Yragy žurnalistleriň ölümi bilen bagly esasy ýurtlaryň arasynda agzaýar. Sanawda üçünji ýerde Fransiýa görkezilýär we bu ýerde “Yslam döwleti” toparynyň ýanwar aýynda “Charlie Hebdo” žurnalyna eden hüjüminiň netijesinde sekiz žurnalistiň öldürilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG