Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti gozgalaňçy lideri öldürmekde aýyplady


“Jayş al Yslam” toparynyň lideri Zahran Allouş, iýul, 2015
“Jayş al Yslam” toparynyň lideri Zahran Allouş, iýul, 2015

ABŞ Orsýeti geçen hepdede geçiren howa hüjümlerinde siriýaly gozgalaňçylaryň liderini öldürmekde günäledi we bu hereketiň Siriýada parahatçylygy gazanmak işini kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Zahran Allouş Damaskyň golaýynda müňlerçe söweşijä ýolbaşçylyk eden “Jayş al Yslam” toparynyň lideri 25-nji dekabrda öldürildi.

“Jayş al Yslam” Siriýanyň oppozision toparynyň Siriýanyň hökümeti bilen gepleşiklere taýýarlyk bildiren oppozision toparlaryň arasynda ylalaşyga gol çeken esasy topardy. Parahatçylyk ugrundaky gepleşikler indiki ýylyň ýanwar aýyna bellendi.

“Şeýle hüjümleriň amala aşyrylmagy konstruktiw habar ýetirmeýär”, diýip ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Mark Toner aýtdy.

XS
SM
MD
LG