Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ jogap bermäge taýýar


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Hossein Jaberi Ansari, Tähran, 2015

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Hossein Jaberi Ansari, Tähran, 2015

Eýran ABŞ-nyň eýranlylar üçin wiza çäklendirmelerini girmek arkaly, ýadro ylalaşygyny bozan ýagdaýynda özüniň ar aljakdygyny 28-nji dekabrda duýdurdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň geçen hepdede gol çeken kanuny Eýrana sapar edýänlere ýa-da eýran raýatlarynyň ABŞ wizasyz barmagyna päsgel döredýär. Şuňa meňzeş çäklendirmeler Siriýadan, Yrakdan we Sudandan barýan syýahatçylara hem degişli.

Kanunyň potensial terrorçylaryň öňüni almak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýarka, Tähran kanunyň ABŞ-nyň syýahatçylyga we ykdysady ösüşe garşy sanksiýalaryny saklamak maksadyny görkezýändigini aýdýar. Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça iýul aýynda gelnen halkara ylalaşygy şeýle çäklendirmeleriň aradan aýrylmagyny öz içine alypdy.

“Ylalaşygyň daşyndan ädilýän islendik ädim Eýran üçin kabul ederlikli däldir, Eýran zerur bolsa, öz ädimleri bilen jogap berer” diýip daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Hossein Jaberi Ansari aýtdy.

Tähran ABŞ-nyň täze kanuny kabul etmegine itergi beren Kaliforniýadaky we Pariždäki terrorçy hüjümlere özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny belleýär.

XS
SM
MD
LG