Sepleriň elýeterliligi

Nemsowy 'öldürenlere' günä ýöňkeler


Orsýetiň baş derňew edarasy indiki aýda bäş adama oppozisiýa lideri Boris Nemtsowy öldürmekde resmi taýdan günä ýöňkejekdigini aýtdy.

Derňew komitetiniň 29-njy dekabrda aýtmagyna görä, Nemtsowy öldürmekde güman edilip tussag edilen bäş çeçenistanla garşy resmi aýyplamanyň gutarnykly görnüşi ýanwar aýynda öňe sürüler. Boris Nemtsow 27-nji fewralda Moskwada Kremliň golaýynda atylyp öldürildi.

Komitet jenaýatçylygyň esasy guramaçysy bolmakda güman edilýän Ruslan Muhudinowyň azatlykda galýandygyny aýtdy. Muhudinow Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň howpsuzlyk güýçleriniň uly wezipeli ofiseri.

XS
SM
MD
LG