Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamada 12 adam wepat boldy


Pakistanyň Mardan şäheri

Pakistanyň Mardan şäheri

Pakistanyň polisiýasy Mardan şäherinde hökümet edarasynda bomba partlamasy zerarly azyndan 12 adamyň wepat bolandygyny we azyndan 30 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Polisiýanyň wekili Saeed Han Waziriň 29-njy dekabrda aýtmagyna görä, partlama Milli arhiw we hasaba alyş maglumatlar edarasynyň daşynda bolupdyr.

Partlamyň jogapkärçiligini derhal hiç kim öz üstüne almandy. Emma şuňa meňzeş ozalky partlamalar Pakistanyň “Talyban” guramasy tarapyndan öz üstüne alnypdy.

Mardan şäheri Owganystan bilen serhetdeş Hyber Pahtukhwa welaýatynyň paýtagty Peşawar şäherinden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG