Sepleriň elýeterliligi

TOPH-y 7 müňden ybarat ýörite owgan güýçleri ‘gorar’


Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary.

Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň Owganystandan geçýän böleginiň howpsuzlygyny 7 müň adamdan ybarat ýörite owgan güýçleri üpjün eder. Muny Owganystanyň dag-magdan we nebit-gaz ministri Daud Şah Saba 27-nji dekabrda Owganystanyň Milli Mejlisiniň ýokary palatasynda aýan etdi.

Daud Şah Saba bu barada takyk şeýle diýdi: “TOPH proýektiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 7 müň adamdan ybarat ýörite güýçleri bellemegi göz öňünde tutýarys. Bu örän uly san. Şol sebäpden gazgeçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek kyn bolmaz”.

Ýatladyp geçsek, türkmen gazyny günorta Aziýa sebitine akdyrmagy göz öňünde tutýan 1800 kilometrlik proýekte şu aýyň 13-ne Maryda badalga berlip, onuň 700 km-e golaýy Owganystandan, şol sanda ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlary dartgynly bolup galýan sebitlerinden geçmeli.

“Ýörite güýçler ýerli ilatdan düzüler”

Owgan ministri öz çykyşynda “Gürrüňi edilýän ýörite güýçler ýurtda öňden hem hereket edýär. Bu güýçler ýurduň Içeri işler ministrligine degişli we olar ýurtdaky dag-magdan desgalaryna we känlerine gözegçilik edýärler” diýdi.

Emma gepiň gerdişine görä aýtsak, ady agzalan ministriň metbugat wekili şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda TOPH-nyň howpsuzlygyny üpjün etjek ýörite güýçleriň ýerli ilatdan düzüljekdigini aýdypdy.

Owganystanyň dag-magdanlary we nebit-gaz ministriniň metbugat wekili Muhaýeddin Nury bu barada jikme-jik şeýle beýanat edipdi: “TOPH-yň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite güýçler dörediler. Olaryň ählisi ýerli ilatdan düzüler. Umuman alanymyzda, gazgeçirijiniň her bir kilometri 10 adam tarapyndan goralar”.

Owgan senatorlary şübhe bildirýär

Prezident G.Berdimuhamedow umumy bahasy 10 milliard dollar töweregi diýlip çaklanylýan gazgeçirijiniň Türkmenistandaky böleginiň gurluşyk işlerine badalga berlen güni proýektiň 2019-njy ýylyň aýagyna çenli doly gurlup, ulanyşa beriljekdigini aýdypdy.

Owganystanyň dag-magdan we nebit-gaz ministri hem geçen ýekşenbe güni eden çykyşynda “TOPH gazgeçirijisiniň [Owganystandan] geçjek ugrunda inženerçilik-tehniki barlag işlerine öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda başlanjakdygyny” aýtsa-da, onuň gurluşyk işlerine haçan girişiljekdigi barada takyk maglumat bermedi.

Şol bir wagtda Owganystanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň käbir agzalary, gazgeçirijiniň geçjek ugrunda ýerleşýän welaýatlardaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, TOPH-yň durmuşa geçirilmek mümkinçiligine şübhe bildirdiler.

Owgan senatory Maulwi Muhaýuddin Munsifu: “Gazgeçirijiniň geçjek ugrunda döwletiň garşydaşlary hereket edýär. Gürrüňi edilýän welaýatlaryň (Hyrat, Farah, Helmand we Gandagar) oba we etraplarynyň aglabasy jeňçileriň elinde. Bu proýekte başlamazdan ozal, onuň geçjek ýerinde howpsuzlyk üpjün edilmeli. Hususan-da, Helmand söweşijilerden we minalardan arassalanmasa, bu proýektiň durmuşa geçirilmegi mümkin däl” diýdi.

TOPH arkaly her ýyl 33 milliard kubometr gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG